Hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryna «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly gowşurylar

09.11.2024, 11:4311,029

Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagyny ösdürmekde gazanan uly üstünlikleri üçin hem-de Hasyl toýy mynasybetli, ýurdumyzyň raýatlaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Serdar Berdimuhamedow 9-njy noýabrda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljekdigini, 10-njy noýabrda bolsa ýurdumyzda Hasyl toýunyň giňden belleniljekdigini nygtady. Bu baýram merdana halkymyzyň yhlasly zähmetini görkezýän rysgal-berekediň baýramydyr diýip, döwlet Baştutany belledi we mähriban halkymyzy, zähmetsöýer daýhanlary bu baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.