Balkan welaýaty Türkmenistanda ilkinji bolup pagta taýýarlamak baradaky borçnamasyny ýerine ýetirdi

11.11.2024, 13:329,854

Balkan welaýatynyň babadaýhanlary pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny ýurdumyzda ilkinji bolup ýerine ýetirdiler. Bu barada TDH habar berýär.

Babadaýhanlar 16 müň tonnadan gowrak «ak altyny» Watan harmanyna tabşyrdylar.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, önümçilige oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän innowasion usullar giňden ornaşdyrylýar. Balkan welaýatynyň edermen pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek, daýhanlaryň netijeli we öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin amatly şertleri döretmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsidir. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.