Serdar Berdimuhamedow Soltan Haýsam bin Tarik Al Saidi Omanyň Milli güni bilen gutlady

18.11.2024, 01:496,396

Prezident Serdar Berdimuhamedow Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik Al Saide we ýurduň ähli halkyna Oman Soltanlygynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Soltan Haýsam bin Tarik Al Saide berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Oman Soltanlygynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.
Oman Soltanlygynyň Milli güni 18-nji noýabrda bellenilýär.
Häzirki wagtda bu baýramçylyk Soltan Kabus ben Said al Saidiň doglan güni mynasybetli bellenilýär. Ol 1970-2020-nji ýyllarda hökümdarlyk etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.