Jon Jons UFC-niň täzelenen reýtinginde ikinji orny eýeledi

20.11.2024, 10:119,706

Nýu-Ýorkda geçirilen UFC 309 ýaryşynda Stipe Mioçiçden üstün çykan agyr agramda çempion Jon Jons agram derejesine garamazdan (P4P) UFC-niň täzelenen reýtinginde üçünji orundan ikinji orna çykdy. Bu barada promouşeniň saýtynda habar berilýär.

Ýeňil agramda UFC-niň çempiony, russiýaly söweşiji Islam Mahaçew bu reýtingde birinji ornuny saklady. Üçlügi ýarym agyr agramda guşagyň eýesi, braziliýaly söweşiji Aleks Pereýra jemledi.
Jon Jons 37 ýaşynda bolup, professional ringde 2008-nji ýyldan bäri çykyş edýär. Onuň hasabynda garyşyk başa-baş söweşde 27 ýeňiş we bir ýeňliş bar. Ol UFC 309-da agyr agramda UFC-niň çempion titulyny ilkinji gezek gorady.
Mahaçew 33 ýaşynda bolup, 2022-nji ýylyň oktýabryndan bäri ýeňil agramda UFC-niň çempion guşagyna eýeçilik edýär. Onuň hasabynda 26 ýeňiş we bir ýeňliş bar. Iýun aýynda Mahaçew titul söweşinde amerikaly Dastin Porýeden üstün çykdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.