Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy

23.11.2024, 09:259,243

Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanda 2025-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda” Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, “Türkmenpagta” döwlet konsernine, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine:

  • ýerleriň kärendeçileriniň, peýdalanyjylarynyň we eýeleriniň işini ýokary derejede guramak arkaly 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmek;
  • gowaçanyň tohumlaryny etraplar boýunça toprak-howa şertlerine görä, Oba hojalyk ministrligi tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda ýerleşdirmek tabşyryldy.

Pagta öndürijiler bilen şertnama baglaşmak esasynda, olary agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, amatly möhletlerde:

  • “Türkmenpagta” döwlet konsernine gowaça ekiljek meýdanlary ýokary hilli gowaça tohumynyň ýeterlik möçberi bilen;
  • “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigine ýerleri ekişe taýýarlamak, gowaça ekmek, oňa ideg etmek we pagta ýygmak bilen bagly tehniki hyzmatlar bilen;
  • Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine degişli suwaryş suwy bilen;
  • “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine dökünleriň degişli möçberi bilen üpjün etmek tabşyryldy.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.