Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Eýrandaky ilçisini belledi

25.11.2024, 10:188,333

2024-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ylýas Akmuhammedowiç Gaýypowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermek hakynda Permana gol çekdi.

Şeýle hem şol gün Serdar Berdimuhamedow Ylýas Akmuhammedowiç Gaýypowy Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Tähran şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledi.
Öň, Ylýas Gaýypow, 2018-nji ýylyň iýulynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat şäheri) Baş konsuly wezipesine bellenilipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.