Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Wengriýa bardy

29.11.2024, 11:148,444

Şu gün, 29-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrymyň çakylygy boýunça Aksakgallar geňeşiniň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde Geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Wengriýa iş sapary bilen bardy. Bu barada "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.

Aşgabadyň Halkara  howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. 
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary Budapeşte çenli uçuşy amala aşyryp, dostlukly ýurduň paýtagtynyň Ferents List adyndaky halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.