Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Eýranyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

04.12.2024, 23:235,871

3-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Eýranyň Daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçi bilen duşuşdy.

Duşuşyk Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 28-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar ozalky geçirilen çäreleriň dowamynda  gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda ýangyç-energetika we senagat toplumynda, ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredildi.
Diplomatlar sebitleriň arasyndaky we medeni-ynsanperwer ulgamdaky işleri artdyrmak boýunça pikir alyşdylar.
Şeýle-de, taraplar sebit we halkara gün-tertibiniň möhüm meseleleri barada maslahatlaşdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.