Raşid Meredow Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

14.12.2024, 17:572,609

12-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýranyň daşary işler ministriniň hukuk we halkara işleri boýunça orunbasary Kazem Garib-Abadiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-eýran gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de söhbetdeşler söwda-ykdysady, hususan-da, energetika we ulag pudaklaryndaky gatnaşyklaryň ösüşine garadylar. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran Hökümetara toparynyň  işiniň ähmiýeti nygtaldy.
Mundan başga-da, taraplar halkara we sebit düzümleriniň çäklerindäki gatnaşyklaryň netijelidigini kanagatlanma bilen bellediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.