Lukmanlar söweşi saklady: Hoakin Bakli UFC on ESPN 63-de Kolbi Kowingtony ýeňdi

16.12.2024, 00:3210,821

15-nji dekabra geçilen gije Tampada (ABŞ) UFC-niň şu ýylda soňky ýaryşy – UFC on ESPN 63 geçirildi. Agşamyň esasy söweşinde ýarym orta diwizionyň amerikaly söweşijileri Hoakin Bakli bilen Kolbi Kowington duşuşdy.

Söweş ilkibaşdan dartgynly boldy. Tutluşygyň birinji ýarymynda Kowingtonyň gözüniň üsti agyr çapyldy. Ep-esli ganyň akýandygyna garamazdan, ol Baklä garşy işjeň söweşmegini dowam etdirdi.
Şeýle-de bolsa, üçünji raunda çenli Kowingtonyň ýagdaýy ýaramazlaşdy. Eminler lukmanlaryň seretmegi üçin söweşi saklamak kararyna geldiler. Barlagdan soň lukmanlar söweşi dowam etdirmezligi maslahat berdiler we söweş tamamlandy.
Baklä tehniki nokaut arkaly ýeňiş berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.