Raşid Meredow Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadi bilen duşuşdy

17.12.2024, 20:173,429

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow «Iran Agrofood» sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadi bilen duşuşdy.

Duşuşyk 16-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirildi diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, hususan-da, energetika we gaz pudaklaryndaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
16-njy ýöriteleşdirilen «Iran Agrofood» sergisinde 60-dan gowrak eýran kompaniýasynyň önümleri hödürlenildi. Şeýle hem türkmen-eýran işewürler forumynyň geçirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle hem taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.