Makgregor Logan Pol bilen Hindistanda tutluşmaga razy boldy

18.12.2024, 14:0422,620

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony, irlandiýaly Konor Makgregor amerikaly bloger Logan Pol bilen görkezme söweşini geçirip biljekdigini aýtdy. Söweşi boksuň düzgünlerine laýyklykda geçirmek meýilleşdirilýär.

Irlandiýaly türgen ispan-gruzin söweşijisi Ilýa Topuriýa bilen ýakyn wagtda boljak söweş baradaky habarlary inkär edip, X sosial ulgamynda geljek üçin meýilnamalaryny paýlaşdy.

“Topuriýa bilen boljak söweş baradaky myş-myşlar ýalan. Ambaniniň maşgalasyna Hindistanda görkezme boks söweşinde Logan Pol bilen duşuşmaga deslapky razylygymy berdim. Soň bolsa oktagona dolanmaga synanyşaryn"- diýip, Makgregor ýazdy.

Ondan öň, 2024-nji ýylyň iýunynda Makgregor Maýkl Çandler bilen söweşmelidi, ýöne şikes zerarly ýaryşdan çykdy. Irlandiýaly pälwan MMA-nyň düzgünleri boýunça iň soňky gezek 2021-nji ýylyň tomsunda UFC 264-de tutluşypdy. Şol ýaryşda aýagy şikes alyp, tehniki nokaut bilen Dastin Porýeden ýeňlipdi.
Makgregoryň garyşyk söweş sungatynda gazanan professional rekordy 22 ýeňişden we 6 ýeňlişden ybarat.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.