Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Azerbaýjanyň ilçihanasynda hatyra kitabynda ýazgy galdyrdy

28.12.2024, 19:4820,774

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew Azerbaýjanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, türkmen tarapynyň adyndan Azerbaijan Airlines-iň uçarynyň heläkçilige uçramagy zerarly adam pidalaryna gynanç bildirdi. Bu barada diplomatik wekilhananyň saýtynda habar berilýär. 

Diplomat Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismet Gezalowa duýgudaşlyk sözlerini aýtdy.
S.Muhammetdurdyýew doganlyk azerbaýjan halkyna şu agyr pursatda çuňňur gynanç we medet beriji sözlerini beýan edip, ilçihanada açylan gynanç kitabynda ýazgy galdyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.