Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýtiň Emirini diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

13.01.2025, 04:463,726

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha we ýurduň halkyna ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga, öňegidişliklere esaslanýandygyny, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady we gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Emir Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Kuweýt Döwletiniň dostlukly halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw etdi.
Türkmenistan bilen Kuweýtiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1995-nji ýylda ýola goýuldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.