Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi bilen duşuşdy

14.01.2025, 12:573,343

13-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri hem-de hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.
Şeýle-de duşuşyga gatnaşyjylar 2025-nji ýylda bilelikdäki çäreleri geçirmek boýuna meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.