Türkmenistan Hytaý bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi ylalaşdy

16.01.2025, 13:341,956

15-nji ýanwarda Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministriniň kömekçisi Lýu Biniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar hemmetaraplaýyn strategiki we uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolan netijeli ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garadylar.
Diplomatlar söwda-ykdysady ugurda netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny bellediler, energetika, ulag-aragatnaşyk arabaglanyşygy we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça bilelikdäki işleriň gidişini seljerdiler.
Taraplar iki dostlukly ýurtlaryň we halklaryň milli bähbitlerine we ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.