Serdar Berdimuhamedow awstraliýalylary ýurduň milli güni mynasybetli gutlady

27.01.2025, 07:202,283

Prezident Serdar Berdimuhamedow Awstraliýa Arkalaşygynyň General-gubernatory hanym Samanta Mostine ýurduň milli baýramy — Awstraliýanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany General-gubernator hanym Samanta Mostine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Awstraliýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik, rowaçlyk arzuw etdi.
Awstraliýanyň güni her ýyl 26-njy ýanwarda bellenilip geçilýär. Bu sene 1788-nji ýylda Sidneý-Kouwa Birinji flotuň gelip düşmegi bilen baglanyşyklydyr. Baýramçylyk ilkinji gezek 1818-nji ýylda resmi ýagdaýda bellenilip geçildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.