Türkmenistanyň Prezidenti Täze Zelandiýany Waýtangi güni bilen gutlady

06.02.2025, 05:594,268

Prezident Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň General-gubernatory hanym Sindi Kiro Täze Zelandiýanyň milli baýramy — Waýtangi güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada resmi metbugatda habar berilýär.

Döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, General-gubernator Sindi Kiro tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Täze Zelandiýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.
Waýtangi güni Täze Zelandiýada 6-nji fewralda baýram edilýär. 1840-njy ýylda bu senede Waýtangi derýasynyň kenarynda britaniýalylar bilen Täze Zelandiýanyň ýerli halky bolan maorlaryň arasyndaky gatnaşyklary berkiden ylalaşyga gol çekildi. Bu resminama ýurduň özbaşdaklygynyň we maorlaryň hukuklarynyň esaslaryny goýdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.