Günüň üstünde dekabr aýyndan bäri ilkinji gezek ýokary derejeli alawlama bolup geçdi

24.02.2025, 12:483,451

Günde tas iki ýarym aýyň içinde (2024-nji ýylyň 8-nji dekabryndan bäri) ilkinji gezek X2.0 derejeli alawlama bolup geçdi. Bu barada RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň metbugat gullugyna salgylanyp, RBK habar berýär.

Institutyň maglumatlaryna görä, iň ýokary şöhlelenme 24-nji fewralda Aşgabat wagty bilen 00:20-de hasaba alyndy.

“Alawlama bir gün öň başlan we häzirem dowam edýän Gün işjeňliginiň çalt ýokarlanmagynyň netijesi boldy” – diýlip, habarda aýdylýar.

Barlaghana täze uly alawlamalaryň bolmak ähtimallygyny belledi, çünki häzirlikçe işjeňligiň peselmek alamatlary görünmeýär. Şeýle-de bolsa, alawlama ýeriniň Günüň günbatar gyrasy bolandygy sebäpli, onuň Ýere täsir etmek mümkinçiligi az diýlip hasaplanýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.