Starship raketasynyň 8-nji şowsuz uçuş synaglary kosmosdan surata düşürildi

09.03.2025, 14:303,618
1 / 2

Amerikaly astronawt Don Pettit SpaceX kompaniýasynyň Starship gämisiniň sekizinji synag uçuşynyň kosmosdan düşürilen suratlaryny paýlaşdy. Suratlar Halkara kosmos stansiýasyndan alyndy.

«Starship-iň atmosferanyň ýokarky gatlarynda ýumrulyp, Ýere gaçyşyny gördük" diýip, Pettit Х sosial sahypasynda ýazýar.

Belläp geçsek, dünýäniň iň uly raketasynyň sekizinji synag uçuşy 7-nji martda geçirildi. Deslapky synagdaky ýaly, raketanyň ikinji basgançagy ýene-de partlady, onuň Super Heavy - birinji basgançagy bolsa üstünlikli Ýere gaýdyp geldi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.