Türkmenistanyň Prezidenti içeri işler ministriniň orunbasaryny çalyşdy

03.04.2025, 00:0325,679

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, polisiýanyň podpolkownigi Wepaly Durdymuhammedowiç Ataýew içeri işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Bu wezipä polisiýanyň podpolkownigi Öwezgeldi Gurbanberdiýewiç Kakalyýew bellenildi.
Degişli resminamalara 2-nji aprelde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde gol çekildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda ýurdumyzyň harby we hukuk edaralarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.