Samsung Galaxy S25 Enterprise Edition dünýäde iň dowamly OS goldawyna eýe bolar

08.04.2025, 15:154,117
1 / 2

Samsung kompaniýasy Galaxy S25 Enterprise Edition flagman smartfonlarynyň operasion ulgamynyň täzelenmesini beýleki samartfonlardan has uzak wagtlap aljakdygyny habar berdi. Öndüriji Android 23-e çenli apdeýtleri we 2032-nji ýyla çenli howpsuzlyk patçilerini wada berýär. Bu barada Samsung Knox resmi saýtyna salgylanyp, GSMArena neşiri habar berýär.

Enterprise Edition wersiýada Galaxy S25, Galaxy S25+ we Galaxy S25 Ultra modelleri OS täzelenmesini seriýanyň adaty wersiýalaryndan bir ýyl köp alar.
Samsung şeýle möhletleriň brendiň smartfonlaryny durnuklylyga we howpsuzlyga baha berýän ulanyjylar üçin has özüne çekiji edýändigini  belledi.