Türkmenistan we TÜRKSOÝ netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanmany tassykladylar

06.08.2025, 09:242,016

5-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we TÜRKSOÝ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Medeniýet we sungat ugurlary, bu ulgamda ylmy-barlaglary, özara bähbitli döredijilik alyşmalaryny höweslendirmek, bilelikdäki çäreleri geçirmek babatda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Medeni gatnaşyklaryň türki dilli döwletleriň arasynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakda ähmiýetli gural hökmünde çykyş edýändigi bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma tassyklanyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.