Serdar Berdimuhamedow Karol Nawroskini Polşanyň Prezidenti wezipesine girişmegi bilen gutlady

08.08.2025, 12:286,440

Prezident Serdar Berdimuhamedow jenap Karol Nawroskä Polşa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Karol Nawroskä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Polşanyň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Karol Nawroski iýun aýynda prezident saýlawlaryň ikinji tapgyrynda 51%-den sähel köp ses alyp, ýeňiş gazandy. Onuň garşydaşy Rafal Tşarkowski 48%-den gowrak ses aldy.

Nawroski bu wezipede Anjeý Dudanyň ýerine geçdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.