Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Slowakiýanyň, Sloweniýanyň we Filippinleriň wekiliýetleri bilen duşuşdy

08.08.2025, 18:564,580
1 / 3

7-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow daşary ýurtlaryň wekiliýetleri bilen duşuşdy.

Filippinler Respublikasynyň Köptaraplaýyn gatnaşyklar we halkara ykdysady gatnaşyklar meseleleri boýunça daşary işler ministriniň orunbasary Çarlz Hose bilen geçirilen duşuşykda diplomatlar 2024-nji ýylda Türkmenistan wekiliýetiniň Filippinler Respublikasyna amala aşyran saparynyň netijeli häsiýetini bellediler we iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek tejribesini dowam etdirmegiň zerurdygyny bellediler.
Taraplar hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Alenka Suhadolnik bilen duşuşykda Suhadolnik maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, görkezilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol türkmen tarapyny Merkezi Aziýa bagyşlanjak çäreleriň biri bolan Bled şäherindäki Strategiki foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny beýan etdiler.

Slowakiýanyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Wiktor Boreski bilen duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna baha berdiler hem-de ikitaraplaýyn we halkara düzümleriň çäginde ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.
A.Gurbanowyň 2024-nji ýylda Slowakiýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň syýasy geňeşmeleri we ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek üçin netijeli häsiýeti nygtaldy.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.