Serdar Berdimuhamedow Braziliýanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

08.09.2025, 05:521,388

Prezident Serdar Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Luis Inasiu Lula da Silwa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Braziliýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Braziliýada Garaşsyzlyk güni her ýylyň 7-nji sentýabrynda bellenilip geçilýär. Baýramçylyk 1822-nji ýylda Portugaliýanyň mirasdüşer şazadasy Braziliýanyň Portugaliýadan garaşsyzlygyny yglan etmegi bilen baglanyşykly wakalara esaslanýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.