Rolls-Royce ýörite sargyt boýunça ite bagyşlap Specter ulagynyň aýratyn wersiýasyny çykardy

07.10.2025, 11:048,013
1 / 5

Rolls-Royce bir amerikan maşgala jübütiniň ýörite sargydy boýunça taýýarlanan Specter elektrik kupesini görkezdi. Eýeleri Beýli lakamly labrador bilen altynsow retriweriň neslinden bolan itine awtoulag bagyşlamagy karar edipdirler.

Taslama Spektr Baili diýilýär. Ulagyň kuzowy Beýliniň gulaklaryndaky ýumşak sütükleri ýada salýan ýalpyldawuk Crystal Fusion örtükli Beautiful Bailey atly ýörite öwüşgin bilen boýaldy. Kuzowyň uzaboýuna elde çekilen gülgüne-altynsow  çyzyk geçýär we yzky sütünleriň aşagyna bolsa Beýliniň penjesiniň takyk ölçegdäki yzy goýlan.
Interýeri açyk goňur reňklerde bezelipdir. Onuň esasy aksenti Beýliniň yzky oturgyçlaryň arasynda reňklenmezden marketri usuly bilen ýerine ýetirilen portretidir. 22 kölegedäki 180-den gowrak şpon elementlerinden ybarat bu kompozisiýany döretmek üçin dört aý gerek boldy. Hatda itiň dili hem kompaniýanyň ozal ulanmadyk dört sany şpon görnüşinden ýasalypdyr. Itiň penjesiniň yzlary bosaganyň örtüklerine we gapynyň bezegine gelşik berýär.

"Biz awtoulaglaryň ölemen aşygy we ömürboýy haýwanlary gowy görýäris. Beýli maşgalamyzyň eziz agzasy" – diýip, täsin awtoulagyň ady agzalmadyk eýeleri bellediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.