Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Hindistanyň ilçisi bilen duşuşdy

01.11.2025, 15:014,041

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Hindistanyň ilçisi Bandaru Wilsonbabu bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-hindi gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Diplomatlar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligini belläp geçdiler.
Mähri Bäşimowa hindi tarapyny şu ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçiriljek iri çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.