«Real» sosial torlarda iň meşhur futbol kluby – onuň tas 488 mln agzasy bar

28.05.2026, 12:034,287

Halkara sport gözlegleri merkezi (CIES) sosial torlardaky yzarlaýjylarynyň sany boýunça dünýäniň iň meşhur futbol klublarynyň reýtingini düzdi. Maglumatlara görä, bu görkeziji boýunça Madridiň «Real» topary dünýäniň iň meşhur kluby boldy.

Patyşalyk klubunyň resmi akkauntlaryny jemi 487,6 million adam yzarlaýar. Reýtingde ikinji orny 441,8 million agza bilen «Barselona», üçünji orny bolsa 238,6 million yzarlaýjysy bolan «Mançester Ýunaýted» eýeleýär.

CIES boýunça sosial torlarda iň meşhur 20 klubuň sanawy (görkezijiler million hasabynda):

  1. «Real» Madrid (Ispaniýa) — 487,6;
  2. «Barselona» (Ispaniýa) — 441,8;
  3. «Mançester Ýunaýted» (Angliýa) — 238,6;
  4. «Pari Sen-Žermen» (Fransiýa) — 208,1;
  5. «Mançester Siti» (Angliýa) — 187,8;
  6. «Liwerpul» (Angliýa) — 179,2;
  7. «Ýuwentus» (Italiýa) — 178,3;
  8. «Bawariýa» Mýunhen (Germaniýa) — 165,2;
  9. «Çelsi» (Angliýa) — 156,5;
  10. «Arsenal» (Angliýa) — 118,5;
  11. «Tottenhem» (Angliýa) — 112,2;
  12. «Atletiko» Madrid (Ispaniýa) — 91,4;
  13. «Inter» (Italiýa) — 82,7;
  14. «Milan» (Italiýa) — 81,0;
  15. «Flamengo» (Braziliýa) — 71,6;
  16. «Al-Nasr» (Saud Arabystany) — 66,0;
  17. «Borussiýa» Dortmund (Germaniýa) — 64,6;
  18. «Al-Ahli» (Müsür) — 60,1;
  19. «Galatasaraý» (Türkiýe) — 54,6;
  20. «Roma» (Italiýa) — 43,4.

Argentinaly hüjümçi Lionel Messiniň çykyş edýän amerikan kluby «Inter Maýami» bolsa bu sanawyň 21-nji ornunda ýerleşdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.