UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

24.06.2026, 13:185,367

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda ABŞ-nyň Oklahoma ştatynda geçiriljek «UFC Fight Night 281» ýaryşynda bolar.

32 ýaşly dü Plessi professional karýerasyna 2013-nji ýylda başlady we 2020-nji ýyldan bäri UFC-de çykyş edýär. 2024-nji ýylda günorta afrikaly türgen orta agram derejesinde çempionlyk guşagyny gazandy we şondan bäri ony iki gezek gorady. Onuň UFC-däki statistikasy dokuz ýeňişden we bir ýeňlişden ybaratdyr.

39 ýaşly Usman MMA-da ilkinji gezek 2012-nji ýylda çykyş etdi we 2015-nji ýylda UFC-ä goşuldy. Nigeriýaly söweşiji 2019-njy ýylda ýarym orta agram derejesinde çempion boldy we çempionlyk derejesini bäş gezek üstünlikli gorady. Onuň hasabynda UFC-de 16 ýeňiş we üç ýeňliş bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.