Hytaý ýene bir Beýik diwary - bu gezek "ýaşyl" diwary üstünlikli gurýar

Şu gün, 10:312
1 / 3

Alymlar Hytaýda emeli tokaýlaryň tebigy tokaýlardan has çalt ösýändigini anykladylar. Barlag muny tokaýlaryň gaýtadan dikeldilmeginiň we atmosferadaky uglerod dioksidiniň konsentrasiýasynyň ýokarlanmagynyň aýratynlygy bilen baglanyşdyrýar.

1978-nji ýyldan bäri Hytaý Gobi we Taklamakan çölleriniň giňelmeginiň öňüni almaga gönükdirilen “Beýik Ýaşyl Diwar” taslamasynyň çäginde 66 milliard töweregi agaç ekdi. XXI asyryň ortalaryna çenli goşmaça ýene 34 milliard agaç ekmek meýilleşdirilýär.

Pekin uniwersitetinden Ýuhan Lo tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän ylmy barlagçylar emeli we tebigy tokaýlary ýaşy, görnüşleriň düzümi we dykyzlygy boýunça deňeşdirdiler. Hemra maglumatlarynyň seljermesi emeli tokaýlarda ýaprak örtüginiň 66% çalt artýandygyny görkezdi.

Alymlaryň sözlerine görä, esasy faktor agaçlaryň ýaş bolmagydyr. Ondan hem başga, agaçlar ekilende çalt ösýän görnüşler ulanylýar we nahallara degişli idegiň edilmegi has güýçli ösüşe ýardam edýär.

Barlagyň awtorlary tebigy tokaýlaryň birneme haýal ösýändigini, ýöne uzak wagta has çydamlydygyny belleýärler. Olar bu netijeleriň tokaýlary dikeltmek maksatnamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we howa modellerini kämilleşdirmäge kömek etjekdigine ynanýarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.