1-nji iýulda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda täze iki sany suw göteriji beket açylyp ulanmaga berildi. Bu barada TDH habar berýär.

Desgalar oba hojalyk ýerleriniň suw üpjünçiligini gowulandyrmaga niýetlenen bolup, döwrebap enjamlar we sanly dolandyryş ulgamlary bilen enjamlaşdyryldy.

Açylyş dabarasyna oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdy. Desgalaryň gurluşygynda aýratyn tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Birinji beket Germaniýanyň önümi bolan enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, ol 6 müň gektardan gowrak ekarançylyk ýerini suw bilen bökdençsiz üpjün etmäge ukyplydyr. Desganyň gurluşygynda 39 789 metr suw geçirijisi guruldy, onuň 26 929 metri täze turbalardan, 12 860 metri bolsa beton akabalardan ybarat boldy. Ähli tehnologik işleri dolandyrmak sanly ulgamyň kömegi bilen awtomatik ýagdaýda amala aşyrylýar.
Täze desgalaryň ulanylmaga berilmegi mynasybetli täze awtoulaglar we döwrebap tehnikalar hem dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ikinji bekediň gurluşygynda bolsa 42 074 metr, şol sanda 23 659 metr täze suw geçiriji turbalar we 18 415 metr beton akabalar guruldy. Bu desga suwaryş enjamlaryny elektrik energiýasy bilen üpjün edýän Gün panelleri bilen enjamlaşdyrylandyr, suwuň paýlanylyşy bolsa sanly ulgam arkaly düzgünleşdirilýär.
Bu iki desganyň sazlaşykly işlemegi Gökdepe etrabynyň dag etegi zolagynda ýerleşýän oba hojalyk ýerlerini suw bilen durnukly üpjün etmäge mümkinçilik berer.