Serdar Berdimuhamedow «Arçman» şypahanasynyň döwrebaplaşdyryş işleri bilen tanyşdy

Düýn, 23:437,486

19-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäginde Bäherden etrabynyň «Arçman» şypahanasyna bardy. Bu ýerde ol täze bejeriş toplumynyň gurluşygy we käbir binalaryny döwrebaplaşdyrmak işleriniň jemleýji tapgyry bilen tanyşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Döwlet Baştutanyna täze we gaýtadan gurulýan desgalaryň taslamalary, şeýle hem olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Olaryň arasynda:

  • 400 orunlyk şypahana binasy;
  • düýpli döwrebaplaşdyrylýan «A» we «B» binalary, naharhana, fito-bar we çaýhana;
  • 300 orunlyk Mejlisler zaly;
  • mineral suw içilýän bina;
  • çagalar üçin oýun otaglary;
  • türgenleşik zaly;
  • şypaly suw bilen bejeriş binasy;
  • dört gatly awtoulag duralgasy bar.

Serdar Berdimuhamedow taslamalaryň özboluşly aýratynlyklary bilen tanşyp, degişli düzedişleri girizdi. Ol işleriň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli berjaý edilmegini, gurluşygyň ýokary depginde alnyp barylmagyny, täze toplumyň açylyşy dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti bu ýeriň tebigy aýratynlyklaryny göz öňünde tutmagyň, şypahananyň ähli çäkleriniň abadanlaşdyrylmagynyň we ýokary ekologiýa ýagdaýynyň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi. «Arçman» şypahanasynyň bejeriş mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga, mineral suw ätiýaçlyklaryny ylmy taýdan öwrenmäge, lukmanlaryň hünärini ýokarlandyrmaga we bejeriş ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns bermek tabşyryldy.

Täze 400 orunlyk binada 50 sany bir orunlyk, 75 sany iki orunlyk we 100 sany maşgala otaglary göz öňünde tutulypdyr. Anyklaýyş otaglarynyň enjamlary häzirkizaman talaplaryna doly laýyk gelýär.

Binada SPA-bölümi, türgenleşik zaly we çagalar üçin oýun otagy hem göz öňünde tutulan.

Döwlet Baştutany mineral suw içilýän bölüme aýratyn üns berdi we dynç alýanlar üçin şypaly suwuň ýylylygy, peýdaly häsiýetleri we peýdalanmagyň düzgünleri barada lukmanlaryň maslahatlaryny yzygiderli guramagy tabşyrdy.

Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow dynç alýanlara hyzmat etmegiň derejesini, şypahana ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylyşyny we gezelenç etmek hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin döredilýän şertleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.