«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti içerki gatnawlary kämilleşdirmek we sebitleriň arasyndaky howa baglanyşygyny has-da berkitmek maksady bilen, ýurduň welaýatlarynyň arasyndaky göni howa gatnawlarynyň gerimini giňeltdi. Bu barada «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň saýtynda habar berilýär.
Şu ýylyň 1-nji iýulyndan başlap güýje girýän täze uçuş tertibine laýyklykda, raýatlara Aşgabat şäherine gelip-gitmezden, welaýatlaryň arasynda göni syýahat etmek mümkinçiligi döredildi.
Täze meýilnama laýyklykda, Daşoguz, Mary, Türkmenabat, Balkanabat we Kerki şäherleriniň arasyndaky göni uçuşlar hepdäniň bellenilen günlerinde aşakdaky tertipde ýerine ýetiriler:
- Daşoguz — Mary: sişenbe we penşenbe günleri sagat 11:40-da (yza gaýdyşyn sagat 13:30-da);
- Daşoguz — Türkmenabat: ýekşenbe güni sagat 14:25-de (yza gaýdyşyn sagat 12:30-da);
- Mary — Balkanabat: çarşenbe güni sagat 14:15-de (yza gaýdyşyn sagat 12:15-de);
- Türkmenabat — Balkanabat: duşenbe güni sagat 14:15-de (yza gaýdyşyn sagat 12:05-de);
- Balkanabat — Kerki: penşenbe güni sagat 12:20-de (yza gaýdyşyn sagat 14:50-de);
- Daşoguz — Balkanabat: sişenbe we şenbe günleri sagat 12:10-da (yza gaýdyşyn sagat 14:10-da).
Aşgabat Halkara howa menzilinden, şeýle-de Daşoguz, Türkmenabat, Mary, Balkanabat, Türkmenbaşy we Kerki şäherleriniň howa menzillerinden ýerine ýetiriljek ähli ýerli uçuşlaryň doly maglumatlary we takyk wagt görkezijileri bilen awiakompaniýanyň resmi internet saýtyndan tanşyp bilersiňiz.