Türkmenabat – Daşoguz – Türkmenabat ugry boýunça howa gatnawlary ýola goýuldy

15.12.2024, 07:3813,522
1 / 2

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 15-nji dekabrdan başlap, her hepdäniň ýekşenbe güni Türkmenabat Daşoguz Türkmenabat ugry boýunça howa gatnawlaryny ýola goýdy. Bu barada TmCars-a Türkmenabat halkara howa menziliniň administrasiýasynda habar berdiler.

Bellenilişi ýaly, bu gatnaw Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda ýolagçylara edilýän hyzmaty ýokarlandyrmak we amatlyklary döretmek maksady bilen ýola goýuldy.
Awiabiletleri ähli awikassalardan we turkmenistanairlines.tm saýtyndan onlaýn alyp bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.