Türkmenistan we ÝTÖB hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekdi

29.07.2026, 16:382,471
1 / 3

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) ýolbaşçysy Odil Reno-Basso bilen duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmek boýunça geljegi uly taslamalara hem-de sebitleýin ulag geçelgelerini ilerletmäge ýardam etmek meselelerine garady diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze derejä çykarýan birnäçe resminamalara gol çekildi:

  • 2027 — 2032-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Merkezi banky bilen ÝTÖB-üň arasynda bankyň ýurtdaky işiniň ileri tutulýan esasy strategik ugurlary barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Merkezi banky bilen ÝTÖB-üň arasynda bank ulgamyny berkitmek hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň eksporta gönükdirilen ösüşini we diwersifikasiýalaşdyrylmagyny goldamak boýunça strategik hyzmatdaşlyk barada Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň hem-de ÝTÖB-üň arasynda durnukly energetika, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak babatda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Awtomobil ýollary ministrliginiň hem-de ÝTÖB-üň arasynda ulag geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak we Türkmenistanyň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama;
  • Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen ÝTÖB-üň arasynda bankyň «Ýaşyl» şäherler» maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.