28-nji iýulda Ankarada Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi.
Gepleşiklerde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýakyn Gündogar ýurtlary bölüminiň ýolbaşçysy I.Amanlyýew, türk tarapyna bolsa Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa we Türk Döwletleriniň Guramasy baradaky Baş müdirliginiň başlygy Togan Oral ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar çalt depginler bilen ösýän döwletara gatnaşyklaryň däp bolan ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ýokary derejedäki saparlaryň, şeýle hem daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän geňeşmeleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady.
Söhbetdeşler syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmäge degişli meseleleriň giň toplumyny, şeýle hem özara bähbitli konsullyk meselelerini gözden geçirdi.
Ýokary derejedäki özara saparlaryň türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhümdigi, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berýändigi we ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşmaça itergi berýändigi aýratyn nygtaldy.
Taraplar şeýle hem halkara guramalaryň çäginde garaýyşlary utgaşdyrmak we özara goldaw bermek meseleleri boýunça pikir alyşdy.
Ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ylalaşylan çäreleriň zerurlygy barada aýtmak bilen, diplomatlar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň we Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň uly ornuny belledi. Söwda, energetika, ulag we gurluşyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy.
Şeýle hem taraplar medeni gepleşikleri, ylym, bilim, sport we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan özara gyzyklanmalaryny bildirdi.
Mundan başga-da, türkmen wekiliýetiniň Ankara bolan saparynyň çäginde Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary Aýşe Berris Ekinji bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri, şeýle hem özara bähbitli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi maslahatlaşyldy.