Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy (TIF 2026) 1–2-nji oktýabrda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçiriler. Çäräniň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi «Turkmen Congress» kompaniýasynyň goldamagynda çykyş edýär.
Forum döwlet edaralarynyň, işewür toparlaryň we halkara maliýe edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda maýa goýum hyzmatdaşlygyny maslahatlaşmak üçin halkara meýdança bolar. Çärä Halkara maliýe korporasiýasynyň (IFC), Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) hem-de Beýik Britaniýanyň eksport-karz agentliginiň (UK Export Finance) gatnaşmagyna garaşylýar.
Işewürlik maksatnamasy energetika we nebithimiýa pudagyny, ulag geçelgelerini, sanly ykdysadyýeti we wirtual aktiwleri, «ýaşyl» taslamalary, agrosenagat toplumyny, syýahatçylyk we şäher infrastrukturasyny, şeýle hem suw serişdelerini dolandyrmagy ösdürmek meselelerini öz içine alar. Aýratyn maslahatlaşmalar emeli aňy ykdysadyýetde ulanmaga we onuň maýa goýum amallaryna ýetirýän täsirine bagyşlanar.
Şeýle hem maksatnama döwlet edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklary, taslamalary durmuşa geçirmegiň hukuk we maliýe taraplary boýunça okuw maslahatlaryny hem-de halkara maliýe guramalary we işewür toparlar bilen täjirçilik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin çäreleri öz içine alýar.
Forumyň gatnaşyjylaryny hasaba almak işi forumyň resmi saýtynda geçirilýär.
Gatnaşmak, hyzmatdaşlyk we hemaýatkärlik meseleleri boýunça habarlaşmak üçin ýüz tutup bilersiňiz: contact@turkmencongress.com, +993 71 871814.