Serdar Berdimuhamedow Marokkonyň Patyşasyny Tagta geçmek güni bilen gutlady

30.07.2026, 15:473,123

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Marokkonyň Patyşasy Mohammed VI-a milli baýram — Tagta geçmek güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Mohammed VI-a tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Marokko Patyşalygynyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Marokko Patyşalygynyň esasy milli baýramlarynyň biri bolan Tagta geçmek güni her ýylyň 30-njy iýulynda bellenilip geçilýär. Ol ýurdy 1999-njy ýyldan bäri dolandyryp gelýän häzirki Patyşa Mohammed VI-nyň resmi taýdan tagta geçmegine bagyşlanandyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.