Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Beata Peksa bilen duşuşdy

31.07.2026, 18:521,997

30-njy iýulda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa bilen duşuşdy. Bu barada Mejlisiň saýtynda habar berilýär.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berildi. Taraplar durnukly ösüş, energetika, ekologiýa, ylym-bilim, üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek we söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini nygtady. Şeýle hem «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklaryň hem-de «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» parlamentara dialogynyň möhüm orny bellenildi.

Beata Peksa Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna daýanyp hem-de halkara hukugyň ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp, howpsuzlygy, kanunyň hökmürowanlygyny, adam hukuklaryny, gender deňligini üpjün etmek, daşky gurşawy goramak hem-de sanly ulgamy ösdürmek boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha berdi.

Duşuşygyň ahyrynda Dünýägözel Gulmanowa ilçi Beata Peksa diplomatik işjeňliginiň dowamynda iki tarapyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan saldamly goşandy üçin hoşallyk bildirip, geljekki işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.