Florensiýanyň gadymy San-Marko keşişhanasynyň ýolbaşçysy binanyň dermanhana arhiwinden häzirkizaman koka-kola çalymdaş içginiň resepti ýazylan kagyzy tapdy. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär.
Tapylan resminama XIX asyryň soňuna degişli diýlip çaklanylýar. Şol döwürde missionerler keşişlere (monahlara) Boliwiýadan koka ýapraklaryny getirip berýän ekenler. Resept 10 gram koka ýapragyndan we 30 gram kola hozundan ybarat bolup, çakyr bilen garyşdyrylyp taýýarlanypdyr. Bu içgi (häzirki pul birliginde hasaplanyňda) bir sentden hem arzan bahadan satylyp, ýadawlykda we kesellerde ruhlandyryjy, kuwwat beriji serişde hökmünde ulanylypdyr. Söwda tä koka ýapraklaryna gadagançylyk girizilýänçä dowam edipdir.

Melhemiň düzümi 1886-njy ýylda Jon Pemberton tarapyndan döredilen süýji şerbet bilen tas doly diýen ýaly gabat gelýär. Pemberton alkogolly içgilere girizilen gadagançylyk sebäpli şerbeti gazly suw bilen çalşyrypdy, bu-da nusgawy Coca-Cola-nyň ýüze çykmagyna getiripdi.
San-Markonyň keşişleri özlerini ýörgünli içgini ilkinji döredijiler hökmünde öňe sürjek bolanoklar. Sebäbi XIX asyrda şeýle resept tutuş Ýewropada giňden ýaýran eken (meselem, 1885-nji ýylda Ispaniýada hatda «Kola Coka» diýilýän alkogolly içgi hem öndürilipdir).
Ýeri gelende aýtsak, keşişhananyň dermanhanasy şu gün hem işlemegini dowam etdirýär. 1600-nji ýyldan bäri onuň potologynda Nil krokodiliniň galyndylary saklanyp gelinýär diýlen maglumatam bar. Dermanhanaçylar hem alyjylara bu hakda gürrüň bermek bilen, özlerinde her dürli ekzotik galyndylaryň-da saklanýandygyny bildirmek isläpdirler.