OPEK+ guramasynyň ýedi ýurdy sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

03.08.2026, 18:24862

OPEK+ hyzmatdaşlygyna girýän ýurtlaryň ýedisi 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda nebit çykarylyşyny artdyrmak barada ylalaşdylar. Umumy ösüş awgust görkezijileri bilen deňeşdirilende, bir gije-gündizde 188 müň barrel bolar.

Gurama agza ýurtlaryň gepleşikleriniň netijeleri boýunça kabul edilen bu çözgüt Saud Arabystanyna, Russiýa, Yraga, Kuweýte, Gazagystana, Alžire we Omana degişlidir.

«Nebit bazarynyň durnuklylygyny saklamak baradaky topar borçnamalarynyň çäklerinde agza ýurtlaryň ýedisi önümçiligi bir gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak kararyna geldiler. Bu düzediş 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda amala aşyrylar» diýlip, beýanatda bellenilýär.

Bu ädim 2023-nji ýylyň baharyndan bäri hereket edýän nebit çykarylyşyna goşmaça meýletin çäklendirmeleri kem-kemden gowşatmaga mümkinçilik berer. Gatnaşyjy ýurtlar şeýle etmek bilen dünýä nebit bazarynyň durnuklylygyny we öňünden çaklanyp bilinmegini goldamagy meýilleşdirýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.