Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-üsi hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň işewürleri tüýjümek önümleri, nah matany, nah ýüplügi, pagta süýümini we çig ýüpegi satyn aldy. Bu geleşikleriň jemi bahasy 4 million 755 müň ABŞ dollaryndan geçdi.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 511 million 698 müň manada deň bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň polipropilenini, portlandsementi, buýan köküniň ekstraktyny, nah ýüplügi, pagta lintini hem-de arassalanan pagta galyndylaryny satyn aldy.