Gazagystanda «PSŽ» futbol klubunyň akademiýasy açylar

06.08.2026, 11:384,990

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» futbol kluby Gazagystanda öz ilkinji akademiýasynyň açylýandygyny yglan etdi. Okuw-türgenleşik merkezi 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda Аstana şäherinde öz işine başlar.

​«Air Arena» sport toplumynda ýerleşen bu akademiýanyň 6 ýaşdan 14 ýaş aralygyndaky oglan-gyzlaryň 300-sini kabul etmäge mümkinçiligi bar. Meýdança FIFA-nyň talaplaryna doly gabat gelýär, bu bolsa howa şertlerine garamazdan tutuş ýylyň dowamynda türgenleşikleri bökdençsiz geçirmäge şert döreder.

​Оkuw «PSŽ» klubunyň resmi usulyýeti boýunça alnyp barlar. Futbol taýýarlygyndan başga-da, maksatnamada okuwçylaryň şahsyýet hökmünde hem kämilleşmegine aýratyn üns berler.

​Geljekde klub akademiýalar toruny giňeltmegi we olary Gazagystanyň beýleki sebitlerinde hem açmagy meýilleşdirýär. Ýerli bölümiň düýbüni tutujy Almaz Alsenow bu hakynda şeýle gürrüň berýär:

​«Biz "PSG Academy-ni" Gazagystana getirendigimiz we ýaş futbolçylara dünýä derejesindäki türgenleşik usulyýetine hem-de klubuň futbol filosofiýasyna elýeterliligi üpjün edýändigimiz üçin buýsanýarys. Bu hyzmatdaşlygyň esasynda biz Gazagystanda çagalar we ýaşlar futbolunyň uzak möhletleýin ösüşine goşant goşmagy maksat edinýäris. Biz çagalaryň diňe bir türgen hökmünde däl, eýsem şahsyýet hökmünde hem ösüp biljek, meýdançada we onuň daşynda toparyň agzybirligini, özüne bolan ynamyny, tertip-düzgüni we tutanýerli häsiýeti terbiýeläp biljek gurşawyny döredýäris».

​2005-nji ýylda düýbi tutulan «PSG Academy-niň» häzirki wagtda 24 ýurtda 200-den gowrak okuw-türgenleşik merkezini bar we olarda 50 müňden gowrak ýaş futbolçy tälim alýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.