UFC 20-nji sentýabrda Los-Anjeles şäherinde geçiriljek UFC 331 ýaryşynyň tutluşyklarynyň doly sanawyny mälim etdi. Agşamyň esasy wakasy iň ýeňil agramdaky çempionlyk rewanşy bolar — onda häzirki çempion Joşua Wan guşagyň öňki eýesi Aleksandre Pantoža bilen ýüzleşer.
Geçen ýylyň dekabrynda Wan bilen bolan tutluşykda Pantoža eýýäm 26-njy sekuntda bijaý ýykylyp, tirsegini çykarypdy, şeýdibem çempionlykdan mahrum bolupdy. Şondan bäri braziliýaly türgen oktagona çykyp görenok. Wan bolsa ondan soň guşagyny üstünlikli gorap ýetişdi. Ol ýaponiýaly Tatsuro Taýrany bäşinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi.

Ýaryşyň ikinji esasy wakasy ýeňil agramda rus-ermeni türgen Arman Sarukýan bilen braziliýaly Maurisio Ruffiniň arasyndaky tutluşyk bolar. Ilki Sarukýanyň garşydaşy hökmünde Çarlz Oliweýranyň ady tutulýardy, emma soňra onuň ýerine Ruffini bellediler.
Sarukýan bu duşuşyga bäş ýeňişden ybarat tapgyr bilen gelýär, Ruffi bolsa UFC-däki ilkinji ýeňlişinden soň, yzly-yzyna iki gezek wagtyndan öň ýeňiş gazandy.
Esasy kard:
- Joşua Wan (ABŞ) — Aleksandre Pantoža (Braziliýa);
- Arman Sarukýan (Ermenistan/Russiýa) — Maurisio Ruffi (Braziliýa);
- Patrisio Freýre (Braziliýa) — Du Hu Çoi (Günorta Koreýa);
- Alonzo Menifild (ABŞ) — Iwo Baranýewski (Polşa);
- Geýbl Stiwson (ABŞ) — Şon Şaraf (ABŞ);
- Marlon Wera (Ekwador) — Çarlz Žorden (Kanada).
Deslapky kard:
- Taý Tuiwasa (Awstraliýa) — Robelis Despanýe (Kuba);
- Edmen Şahbazýan (ABŞ) — Brunno Ferreýra (Braziliýa);
- Giga Çikadze (Gruziýa) — Žoanderson Brito (Braziliýa);
- Keýsi O'Nill (Şotlandiýa) — Eduarda Moura (Braziliýa);
- Raýan Gandra (Braziliýa) — Ozzi Diaz (ABŞ);
- Maýkl Aswell (ABŞ) — Ju Saý Ýu (Günorta Koreýa).