Döwletjan Ýagşymyradow PFL Charlotte ýaryşynda Simeon Pawell bilen söweşe taýýar

07.08.2026, 14:4813,661
1 / 4

Garyşyk başa-baş söweşlerde (MMA) çykyş edýän türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow beýik britaniýaly Simeon Pawell bilen öňde duran söweşe doly taýýar. Ýarym agyr agram derejesindäki tutluşyk 8-nji awgustda irden Şarlottada (Demirgazyk Karolina ştaty, ABŞ) «Bojangles Coliseum» arenasynda geçiriler we PFL Charlotte ýaryşynyň esasy söweşleriniň biri bolar.

Penşenbe güni söweşijiler agram çekişliginden üstünlikli geçdi. Ýagşymyradow 93,0 kg, Pawell bolsa 92,8 kg görkezdi. Şeýlelikde, iki türgen hem ýarym agyr agramyň çäginden çykmady. Agram çekişliginden soň bakyş söweşi geçirildi.

Ýatlap geçsek, öň bu duşuşygy Nýu-Ýorkda geçirmek meýilleşdirilipdi, ýöne ýerli atletik komissiýasy Pawelle öň geçiren operasiýasy sebäpli çykyş etmäge ilkibada rugsat bermändi.

Guramaçylara garşydaşlary çalyşman saklamak başartdy, ýöne olar oktagona bellenen seneden bir hepde soň çykmaly boldular.

37 ýaşly Ýagşymyradow karýerasynda 26 ýeňiş gazandy, 8 gezek ýeňildi, bir söweş hem deňme-deňlikde tamamlandy.

Pawelliň hasabynda 12 ýeňiş we 2 ýeňliş bar. Ol türkmen pälwanyndan 10 ýaş kiçi.

PFL Charlotte ýaryşynyň esasy tutluşygy orta agram derejesinde Braýan Battl bilen Dalton Rostanyň arasyndaky duşuşyk bolar.

Iki türgen hem ýeňiş ýoluna gaýdyp gelmäge çalyşýar: Battl şu ýylyň başynda bu promouşendäki ilkinji urşunda häzirki wagtlaýyn çempion Jonni Eblenden ýeňildi. Bellator MMA-nyň öňki söweşijisi, şol guramada 9-1 rekordy bolan Dalton Rosta bolsa PFL-de 2-2 görkeziji bilen barýar. Ol soňky iki tutluşygynda Impa Kasanganaýdan (1-nji raundda) hem-de Fabian Edwardsdan (3-nji raundda) ýeňlipdi.

Deslapky kardyň uruşlary Aşgabat wagty bilen 8-nji awgustda sagat 04:00 töweregi başlar, Ýagşymyradow bilen Pawelliň söweşi bolsa sagat 08:30 töweregi başlamagyna garaşylýar.

Esasy kard:

  • Orta agram: Braýan Battl – Dalton Rosta
  • Ýarym agyr agram: Simeon Pawell – Döwletjan Ýagşymyradow
  • Orta agram: Joş Silweýra – Aaron Jefferi
  • Iň ýeňil agram: Brendon Lýuis – Lýuis Makgrillen
  • Orta agram: Joş Fremd – Jonni Gregori

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.