Türkmenistan we Tailand Patyşalygy 2027-nji ýylda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda ilkinji gezek daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirer.
Bu barada Türkmenistanyň ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowyň Tailandyň DIM-iniň Günorta Aziýa, Ýakyn Gündogar we Afrika işleri boýunça departamentiniň baş direktory Urasa Mongkolnawin bilen Bangkokda geçiren gepleşikleriniň netijeleri boýunça yglan edildi.
Duşuşygy iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 35 ýyllygyna bagyşlamak meýilleşdirilýär.
Şanly senä taýýarlyk görmegiň çäklerinde diplomatlar ýokary derejedäki gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça çäreleri ylalaşdy. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitledi. Olaryň arasynda söwda, maýa goýumlary, energetika, ulag we logistika, bilim hem-de syýahatçylyk bar.
Mundan başga-da, Türkmenistan we Tailand BMG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde tagallalary utlaşdyrmak hem-de birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak meýillerini tassyklady.
Meýilleşdirilen geňeşmeler iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda şeýle görnüşli ilkinji syýasy hyzmatdaşlyk bolar.