Sisiliýadaky Mazara-del-Wallo kommunasynyň golaýynda ýüzlerçe amfora (gadymy küýze) ýüklenen gadymy Rim gämisi tapyldy. Bu barada Italiýanyň Medeniýet ministrligine salgylanyp, ANSA agentligi habar berýär.
Gämi kenardan takmynan 5,5 km uzaklykda, 46 metr çuňlukda ýatyr. Ony Italiýanyň karabinerleri (harby polisiýasy) bilen Sisiliýanyň deňiz medeni miras müdiriýetiniň hünärmenleri tapdylar.
Deslapky maglumatlara görä, gämi biziň eýýamymyzdan öňki II-I asyrlara degişli. Oňa ýüzlerçe, esasan hem Dressel 1A görnüşli amforalar, şeýle-de iki sany labyr taýagy we gurşundan ýasalan gurluş saklanyp galypdyr.

Tapylan ýük Sisiliýanyň deňizasty medeni mirasyny we antik döwrüň deňiz söwdasynyň taryhyny öwrenmek üçin gyzyklydyr.
Häzirki wagtda sisiliýaly hünärmenler bu tapyndyny resmileşdirip, gäminiň we onuň ýüküniň galyndylaryny öwrenýär. Olar arheologiki tapyndyny has düýpli barlaglardan geçirmegi we bu ýeri gorag astyna almagy meýilleşdirýär.