Innowasiýa, kosmos we küşt: «Kids Expo» halkara sergisinden gyzykly pursatlar

Düýn, 20:261,822
1 / 15

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Ol çagalar üçin harytlary we hyzmatlary hödürleýän öňdebaryjy kärhanalary bir ýere jemledi.

Giň gerimli çärä Russiýa, Türkiýe, Germaniýa, Ýaponiýa, Eýran, ABŞ ýaly dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan gelen kompaniýalar, şeýle-de ýerli edaralardyr kärhanalar gatnaşýar.

Sergi meýdançasynda çaga iýmitlerinden, täze doglan çagalar üçin harytlardan, kosmetika önümlerinden başlap, bilim tehnologiýalaryna we mekdep esbaplaryna çenli önümleriň giň toplumy hödürlenýär.

Sergi giňişligi öwrediji we güýmenje-dynç alyş tematik zolaklara bölündi. Bu ýerde döredijilik diwarlary, art-zolaklar, STEM-ylym zolagy, kitap we el işleriniň, lybaslaryň hem-de keramika önümleriniň ýarmarkasy, foto-zolaklar we ýaryş meýdançalary hereket edýär.

Çagalar özleriniň küýze ýasamak, surat çekmek we dürli şekillere reňk bermek ýaly başarnyklaryny synap bilýär.

Okuw merkezleriniň maslahat beriş diwarlyklarynda bolsa dürli testler hem-de sowalnamalar arkaly çagalaryň haýsy hünäre has ýykgyn edýändigini kesgitläp bolýar.

Ekoulgam çäreleriniň dowamynda çagalara bag oturtmak we tebigata aýawly garamak endikleri öwredilýär.

Körpeler üçin serginiň çäklerinde gurjak teatry we aýdym-sazly çykyşlar, göwün açyjy we öwrediji oýunlar hem guraldy.

Meýdançadaky mekdep ýarmarkasy bolsa gelen myhmanlara täze okuw ýylyna taýýarlanmaga we gerekli esbaplary amatly bahadan satyn almaga mümkinçilik berýär. Okuwçylar üçin okuw we bedenterbiýe sapaklarynda, öý şertlerinde geýmek üçin egin-eşikleriň uly toplumy görkezilýär. Harytlaryň köpüsi ýerli hususy öndürijiler tarapyndan öndürildi.

Türkmenistandaky Amerikan merkezi serginiň guramaçylary bilen birlikde «Kosmos zolagynda» planetariý stilindäki üýtgeşik pawilýony hödürledi. Bu ýerde myhmanlar kosmos dünýäsi we robototehnika bilen tanşyp, NASA Space Apps Challenge hakatony barada maglumat alyp biler. Şeýle hem çagalar Dash robotlaryny programmalaşdyrmak, «LEGO Mindstorms» Mars enjamlary bilen inženerlik işlerini geçirmek we Arduino mikrokontrolleri bilen işlemek başarnyklaryny barlap biler. Myhmanlara köp sanly interaktiw ýumuşlar we rower ýaryşlary hem garaşýar.

Serginiň çäklerinde ilkinji gezek rapid we blis ugurlary boýunça «Kids Expo-Chess Cup 2026» halkara küşt ýaryşy hem geçirilýär. Bäsleşige Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan we Eýrandan gelen 15 küştçi, Türkmenistandan bolsa 79 oýunçy gatnaşýar. Ýaryşyň ýeňijileri 20-nji awgustda belli bolar.

Çäre diňe bir sergi bilen çäklenmän, eýsem panel diskussiýalaryny, ussatlyk sapaklaryny, geňeşmeleri we seminarlary-da öz içine alýar. Serginiň galan günlerinde myhmanlar üçin türkmen multfilmleriniň görkezilişi, «Hünärler şäheri: Geljege tarap 5 ädim» atly maslahat beriş geňeşmeleri, Mars rower bäsleşigi, ylmy tejribeler hem-de surat çekmek we bezeg işleri boýunça sapaklar guralar.

Halkara sergi-ýarmarkasy 22-nji awgustda öz işini tamamlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.