Toyota kompaniýasy Hytaýda täzelenen, 2027-nji ýylyň Camry sedanynyň bahalaryny yglan etdi we sargytlary kabul edip başlady.
Häzirki ýörite teklipleri göz öňünde tutsaň, awtoulagy 131 800 ýuandan başlap, iň gymmadyny 169 800 ýuan bahadan (takmynan, 19 600 — 25 200 dollara) satyn alyp bolýar.
Awtoulagyň daşky görnüşine kän üýtgeşme girizilmedi. Sedan C görnüşli faralaryny saklap galdy, tüsseçykaryň ujy hem öňküsi ýaly gizlin durýar. Wersiýa baglylykda, tigirleriniň diametri 17 dýuýmdan 19 dýuýma çenli ölçegde bolar.
Esasy üýtgeşmeler sürüjilere salonda garaşýar. Komplektasiýalaryň ählisinde Qualcomm Snapdragon 8155 çipine esaslanýan multimediýa ulgamy üçin 15,6 dýuýmlyk merkezi displeý we sanly enjam paneli gurnalan.


Has gymmat görnüşlerinde proýeksiýa displeýi, smartfonlar üçin 50 Wt kuwwatly simsiz zarýad beriji, howa çalşygy, oturgyçlary ýylatmak we massaž funksiýalary, şeýle hem 14 dinamikli JBL ses ulgamy bar.
Ýolagçylar üçin Xiaomi ekoulgamynyň portlary bilen enjamlaşdyrylan we yzky diwanda elektrik ýagdaýda sazlanýan öňe-yza dikeldiş-ýatyryş, ýyladyş we howa çalyşma ulgamy göz öňüne tutulan. Ýükdanda ätiýaçlyk tigriniň ýerine gizlin organaýzer goýlupdyr.


Toyota Safety Sense ulgamy standart göz öňüne tutulan, oňa adaptiw kruiz-kontrol, awtomatiki gyssagly tormozlama we hereket zolagyny saklamakda kömekçi ulgamlar girýär. Ýokary görnüşli awtoulaglarda görünmeýän zolaklara gözegçilik we beýleki kömekçi ulgamlar bar.

Hereketlendirijiler hem üýtgewsizligine galýar. Camry 173 at güýjüne eýe bolan 2,0 litrlik benzin motory hem-de 197 we 230 at güýjüne eýe bolan iki gibrid hereketlendiriji bilen hödürlenýär.
